Light
Dark

Yzyna ugratma merkezlerinde eýesiz Türkmenlere edilýän zulumlar

Döwlet: “Yzyna ugratma merkezlerinde ýatan Türkmen watandaşlarymyz ne deport edilýär, ne-de Türkiýedäki Türkmen konsullugy tarapyndan olaryň halyndan habar alynýar”

Türkiýe Jumhuriýetinde wagtlaýyn ýaşama rugsatnamasy bolmaýan migrantlaryň, polisiýa tarapyndan deport etmek üçin tutulmaklary gün geçdikçe güýçlenýär. Ýaşama rugsatnamasy bolmaýan migrantlaryň arasynda, şol bir sanda, Türkmen watandaşlarymyz hem ýer alýar. Olaryň köp bölegi häzirki wagtda Türk polisiýasy tarapyndan tutulandan soň, yzyna ugratma merkezlerinde saklanylýar.

“Yzyna ugratma merkezlerinde ýatan Türkmen watandaşlarymyz ne deport edilýär, ne-de Türkiýedäki Türkmen konsullugy tarapyndan olaryň halyndan habar alynýar”

– diýip, geçen ýylyň noýabr aýynda tutulup ýakyn günlerde boşadylan Döwlet atly bir watandaşymyz öz başyndan geçirenlerini hem-de içerde ýatan Türkmenistanlylaryň agyr we kyn günlerde ýaşaýandyklaryny bize gürrüň berdi.
Döwlet başyndan geçenleri bize şeýle gürrüň bermäge dowam etdi:

“2022-nji ýylyň Noýabr aýynyň 18-ne, İstanbulda Türk polisiýasy tarapyndan saklanylyp, Nigde Yzyna Ugratma Merkezine getirildik. Biz gelenimizde, 2-3 sany türkmen bardy, ondan soň türkmenleriň sany köpelip başlady. İçerde ýaşaýyş şertleri gaty agyr, dogry-düzgün ýuwunup bolmayar. Ýuwunsaň-da sowuk suwa ýuwunmaly bolýaň. Hiç bir zada mümkünçilik berenoklar. Telefonda ýakynlaryň bilen gürleşmek isleseň hiç bir ýagdaýda gürleşmäge rugsat bermeýärler. Gündelik berýän naharlaryny iýer ýaly däl. Bir garnymyz dok, bir garnymyz aç gezýäris”.

Türkmen Ilçihanasy Bizden Gaçadurýar

Ilçihana bilen bolan gatnaşyklaryny Döwlet şu sözler bilen dowam etdi:

“Öz kösenýän ýagdaýymyzy aýtmak üçin Türkmen Ilçihanasyna jaň edenimizde, telefonlaryna jogap berenoklar. İçerdäki sakçylardan birisi bize Ankaradaky Türkmen Ilçihanasynda işgäri diýip, Miralynyň nomerini berdi we oňa hem jaň edip, ýa bizi şu ýerden çykaryň, ýa-da deport ediň diýip ýagdaýymyzy düşündürip aýdanymyzda, Ýaraşowyň diýýän sözleri, bizi öz başyndan sowmak boldy. Soňa baka bize garşylyklaýyn gygyryp, sögünçli sözleri ulanyp başlady. Şondan soň, Miraly Ýaraşow biziň halymyzdan habar alyp bize kömek etmekden geçip, telefon jaňlara jogap bermän başlady we biz bolsa mejbur 7 aýdan soň 600 dollara adwokat tutup çykmaly bolduk”.

Türkmenistanyň Ankaradaky Ilçihanasynyň resmi bolmaýan işgäri Miraly Ýaraşow

Miraly Ýaraşowyň Ilçihananyň Işgäri Däldigini Soň Bilip Galdyk

“Görülip otursa Türkiýedäki Türkmen Konsullugydyr ýa-da Ilçihanasy hiç bir işe ýaramaýan ekeni. İçerden çykanymyzdan soň Ýaraşowyň kim boldugyny bilip galdyk. Netijede, ol Türkiýedäki tutulan Türkmenlere jogapkär edilip bellenen Ilçihananyň resmi bolmaýan işgäri bolup çykdy”

– diýip, biziň bilen gürleşen ses ýazgylaryny hem habar kanalymyzda paylaşmagymyzy isledi.

Türkmen Halky Eýesiz Galdy

Öňden hem aýdylyp gelinşi ýaly, ýurt içindäki we ýurt daşyndaky Türkmenistanlylaryň aladasyny edýän ne hökümet bar, ne-de Konsulluk bar. Olaryň her biri halka hyzmat edmekden geçip, Türkmen halkynyň kösenmekleri üçin üstüne goşant edýärler. Bu babatda, halka garşy iş alyp barýandyklaryna göz ýetiren watandaşlarymyzyň sanlary hem barha-da köpelýär.
Döwlet sözüniň soňunda talaplaryny biziň üstümiz bilen degişli guramalara ýetirmek isledi. Onuň islegi Yzyna Ugratma Merkezlerinde ýatan Türkmenlere tiz wagtda eýe çykylmagy boldy.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Okamaga dowam ediň...

Komentariýalar

  1. Aşgabat

    2 years ago

    Her bir daşyň aşagyndan Miraly çykýar

  2. Merdan Meredov

    2 years ago

    “Türkmen konsollary” ýaly ýurtdan,
    buýruk ýurtdaşyndan.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *