Light
Dark

Türkiýeden Deport Bolýanlaryň Bir Bölegi Erzurumdan Ýurda Dolanýar

Çärjewiň Howa Menzilinde işleýän bir ildeşimiziň habar berişi boýunça, “Türkiýeden deport bolup gelýänler Çärjewe getirilýär” – diýip maglumat berdi. Ýurda getirilenler Çärjewde hukuk-daşy açylan lagere ýerleşdirilip, ol ýerde birnäçe gün galandan soň öýlerine boşadylýarmyşlar.

Bu berilen maglumaty Türkiýede tassyklap biljegimiz käbir adatdan daşary deportasiýa hereketleri bolup geçýär. Mysal üçin, soňky wagtlarda Erzurumdaky Yzyna Ugratma Merkezine köp sanda Türkmen watandaşlary ugradylýar. Türkmenleriň sany 300-e ýetende, ýygy-ýygydan Erzuruma äkidilýärler. Şoňa meňzeş ýagdaýda, beýleki Yzyna Ugratma Merkezlerinden hem Türkmenler üýşürlip Erzuruma äkidilýär.
Bu ýagdaýyň yzy yzarlananda, hakykatdan hem Erzurumdan Türkmen Howa Ýollary (THÝ) 6-njy Awgustdan bäri uçuş amala aşyrýar eken. Muny Flightradar tassyklaýar. 6-njy Awgustdan bäri jemi 11 uçuş amala aşryran THÝ, jemi 3300 töweregi deportlyny ýurda äkidipdir.

Erzurum-Çärjew arasy uçuş bilgileri

 

Näme Sebäpden Çetde We Habarsyz Edilýär?

Stambul Howa Menzilinde her gün ýüzlerçe Türkmeniň deport bolmagyny başgalara syn etdirmek, Türkmenistanyň kanun-daşy hökümetini utandyrsa gerek. Şol sebäpli, gözlerden we tankytlardan çetde deport işlerini amala aşyrýan bolmalylar. Deportlylar diňe Erzurumdan däl, eýsem Stambul Howa Menzilinden hem gidýärler. Alynan bilgilere görä, Erzurumdan gidýänler ýa mugut uçýarlar ýa-da Türkiýede wagty belli-başly jenaýat işlerine gatylşanlar. Stambuldan bolsa, deportly ýagdaýa düşenleriň öz islegi bilen gidýändikleri bize mälim boldy. Türkiýäniň düzgin-daşy ýurtda ýaşaýanlary çaltlyk bilen deport etmegi, Türkmenistany we halkyny çuňňur manyda oňaýsyz ýagdaýa goýdy. Anyk bolmaýan maglumatlar boýunça, hepdede ýurda 1500-den gowrak ýurtdaşymyz Türkiýäniň 2 nokadyndan Türkmenistana deport bolýar.

[elementor-template id="115"]

Komentariýalar

  1. Milletçi men

    2 years ago

    Bawam pahyr malyny satmana mal bazara dañ sagat 2 : 00 da aýak ujysyndan ýüklep äkidip satyp bilmän ýenede aýak ujysyndan malyny yzyna getirişi ýadyma düşdi

  2. Altybay

    2 years ago

    Bugün eşitdim yalanmy çynmy bilemok,Türkmenistandan polisiya işgarleri gelipdirmiş. Denizin kenaryndan kimliksiz 2 oglany tutupdyrlar ,ol polisiyanyn yanynda Türk poliside barmyş graźdan eşikde diyya.

    • Merdan Meredov

      2 years ago

      Mümkün däl.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *