Light
Dark

12 Ýaşly Gyza Jynsy Gatnaşyk Teklip Eden Eziz Serdarowa $100 Müňlik Jerime Kesildi

ABŞ-nyň Illinois ştatynyň, Naperville şäherinde okaýan Eziz Serdarowa $100 müňlik jerimäni 12 ýaşly gyz bilen jynsy gatnaşyga girmekçi bolandygy üçin kesildi. Bu barada DuPage etrabynyň resmi web sahypasynda habar edildi.

DuPage etrabynyň Lisle obasynyň polisiýa başlygy Kevin Licko, 05/07/2004 senesinde dogulan Eziz Serdarowyň 12 ýaşly çaga SMS ýazyp, maksadynyň jynsy gatnaşyk bolandygyny aýtdy. Serdarow etmişi sebäpli kazy Mia McPhersonyň garşysyna çykdy. McPherson oňa $100 müňlik jerime kesip, 10%-i göni tölemeli edip, pasportyna-da el goýulmagy kararyny çykardy.

Awgustyň 4-de Eziz 12 ýaşly gyzdan surat ibermegini isläp, onuň bilen daşarda duşuşmagyny hem talap edti. Bu teklipden çekinen 12 ýaşly çaga, bolan zatlary hossarlaryna gürrüň berdi. Hossarlary bolsa, bu wakany obanyň polisiýasyna bildirdi. Polisiýa Serdarowy birnäçe gün boýunça yzarlady. Bu döwürde, Eziz gyza ýalaňaç adamalaryň jynsy gatnaşykdaky suratlaryny iberip, onuň hem 12 ýaşly gyzdan şony isleýändigini açyk edip ýazdy. Awgustyň 10-da obanyň parkynda duşuşyk belleşen Serdarowy parkda polisiýa garşylady. Waka ýerinde tussag edilen Serdarow, 1-nji we 3-nji synplar boýunça agyr jenaýatdan sud edildi. Serdarowyň indiki kazyýete çykyşy sentiýabryň 18-de diýip bellenildi.

Etrabyň jenaýat işlerine garaýan Robert Berlin hossarlary çagalarynyň telefon ulanmagynda seresap bolmaklaryny haýyş etdi. Telefonyň aňyry ujynda durup çagalary awlaýan awçylaryň hemişe bolup biljekdigini duýurdy.

[elementor-template id="115"]

Komentariýalar

  1. Aşgabat

    2 years ago

    Amerikada hemme zat mümkin öýdendir

  2. Garagum çöli

    2 years ago

    Amerika sana TM dal. Surtyna $100,000 jerime yelmapdir. Eger el degiren bolsa, onda ata-babalarynyn mln-lap puly bolsada gutulyp bilmezdi.

  3. Merdan Meredov

    2 years ago

    Eli bilen etdimi, egni nilen çeksin.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *