Light
Dark

“Garaşsyz” Ýurduň Garaşly Halkyna “Garaşsyzlyk” Zulumy

27-nji Sentýabrda sözde garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýöriş çäresine, ýagny parada gatnaşyjylardan birisi çäraniň kimleriň hasabyna geçirlendigi barada şol çäre işine gatnaşmaga mejbur edilen bir aýlykçy bize şulary habar berdi:

“Men Aşgabat şäherinde bir döwlet edarasynyň işgäri. Meni we meniň ýanymdaky birnäçe işçi kärdeşlerimi 27-nji Sentýabrda geçiriljek dabaraly harby ýöriş çäresine 1 aý öňünden taýýarlap başladylar. 1 gün galanda bolsa, ýagny 26-njy Sentýabr güni, çykdajylary öz jübimizden töläp elimize 10 sany gök reňkdäki çişirilýän şar hem-de 2 sany kiçi göwrümde döwlet baýdagymyzy mejbury ýagdaýda aldyrdyp, bizi harby ýöriş geçirilýän meýdança getirdiler.

Geçiriljek dabaraly harby ýöriş çäresine, biziň bilen deň hatarda Aşgabat şäheriniň beýleki döwlet edaralaryndan we Ahal welaýatynyň hem dürli ýerlerindäki döwlet edaralaryndan işgärleri getirdiler. Mejbury ýagdaýda şol meýdança getirilen döwlet edaralarynyň işgärleriniň sany 5 müňden geçýärdi.

Aýyň 26-sy güni agşam sagatlaryndan başladyp bizi dik aýak üstünde garaşdyryp, dynç aldyrman 4 sagatlap taýýarlyk işini geçirip başladylar. Biziň üstümizden aýlanýan gözegçiler bolsa, Milli Howpsuzlygyň hem-de Içeri Işler gullugunyň işgärleridi. Netijede agşam sagatlarynda sagat 11-den daň 4-e çenli oturup dynç almagymyza, ýatmana ýer tapsak ýatyp ukymyzy almagymyza rugsat berdiler. Ýatmana ýer asla ýokdy, daşarda aşagymyza bir zatlar goýup oturup dynç almaga synanşdyk. Hajathana gitmek islesek hajathana ýok, 5 müň sany adama 4 sany hajathana bar” – diýip, harby ýöriş çäresine mejbury ýagdaýda getirilen adamlaryň nähili derejede kösenýändiklerini bize birinji agyzdan habar berdi.

“Geçiriljek harby yöriş çäresine mejbury ýagdaýda gatnaşmaga beýleki welaýatlaryň dürli ýerlerinden esgerler hem getirlipdir. Hat-da esgerler bizden has öň getirilipdir. Esgerler nyzamly ýöriş geçirip taýýarlyk işini gören pursatlarynda, nyzamdan çykan esgerlere, olaryň ýolbaşçylary diline gelen erbet mertebelerini kiçeldiji, kemsidiji, enesine we bajysyna ýetiji paýyş sözleri ulandylar. Şol gelen esgerleri hiç oturup dynç aldyrmadan dik aýak üstünde aç-suwsuz sakladylar. Hat-da esgerleriň içinden birisi ýanymyza gelip, ‘iyip-içere bir zadyňyz barmy’ – diýip bizden bar bolan iymitimizi alyp gitdiler.

Haçan-da aýyň 27-si güni daňdan sagat 4 bolanda, bizi nyzam meýdançasyna çykardylar. Sagat 8-de dabaraly harby ýöriş başlandy. Dabaraly ýöriş başlap dowam edip duran pursatynda ukusyzlyga, açlyga we ýadawlyga daýanyp bilmän essi aýylan adamlar köp boldy” – diýip, geçirilen harby ýöriş çäresiniň nähili derejede geçendigini we köp sanly adamlaryň kösenendigini bize gürrüň bermäge dowam etdi.

“Bellenilen harby ýöriş çäresiniň ýokary derejede geçendigini Teleýaýlymlarda nähili gowy edip görkezseler-de, arka sahnada şol çärä mejbury edilip gatnaşdyrylan adamlaryň nä derejede kösenendiklerini hiç kim diline getirmeýär. Bize gözegçilik eden Milli Howupsuzlyk işgärleri hem-de Içeri Işler gullugynyň işgärleri kösenýän adamlary görseler-de görmezden gelýärler. Halsyz ýagdaýda aýakda duran wagtyň, gaýtam tersine ‘biraz dogumlurak dikiräk duruň’ diýip bize buýruk berip gidýärler” – diýen ildeşimiz öz aýdanlaryny habar kanalymyzda köpçülük bilen paýlaşmagymyzy isledi.

Ýurt derejesinde sözde yglan edilip tassyklanylan Garaşsyz Türkmenistan, häzirki wagtda özüni Russiýanyň kolonial bir ýurtdygyny gizlemäge synanyşsa-da, ýurduň içinden we daşyndan bu zatlaryň beýle däldigi aý-aýdyň görünýär.

[elementor-template id="115"]

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *