Light
Dark

Hazar Deňzine Aralyň Ykbaly Garaşýan Bolup Biler

Hazar Deňizi soňky ýyllaryň dowamynda yzygiderli ýagdaýda suwyny ýitirmäge dowam edýär. Bu ýadaý Hazar ýaka ýurtlaryny kän bir aladalandyrýana meňzemeýär. Muňa garamazdan, Türkmenistanyň Hazar ýakasynyň ýaşaýjylary öz binjalyklaryny sosial medialarda paýlaşmaga dowam edýär.

Öňki Krasnowodsk ady bilen bilinýän häzirki Türkmenbaşy şäherinde düşürlen wideoda ýurtdaşymyz deňiz suwynyň ençeme metr yza çekilendigini dile gitirýär. Binjalykly ses tony bilen suwyň ýene-de öz-özünden yzyna dolanyp geljekdigini aýdýar. Muňa meňzeş hadysa Aral Deňziniň hem başyna gelipdi. Aral şäheriniň ýaşaýjylary aradan 63 ýyl geçmegine garamazdan, deňiziň bir gün öz-özinden yzyna dolanyp geljekdigine ynanýarlar. Emma, deňiz kiçelmäge dowam etdi we şu günki ýagdaýy ynsan eli bilen edilen tebigy betbagtçylygyň ady boldy.

Şoňa meňzeş ýa-da şol ýagdaýyň özi Hazar Deňziň hem başyna gelip biler. Global ýylylyk muňa iň öňde gelýän sebäplerden biri. Onuň daşynda, Etrek we Gürgen ýaly derýalaryň öňi beklenip, Eýran tarapyndan ýer suwarmak üçin ulanylmagy hem deňiziň müdimiligine we içindäki janlylara çenli täsir edýär.

Türkmenistanda döwlet gurluşy bolmanlygy üçin, orta çykan hiç bir problema ara alynyp gündeme çykarylanok. Gündeme çykmaýan meseleler öz-özünden çözülip gitmejegine görä, bir gün garşymyza öňküsinden has-da ulalyp, çözülmekden geçen ýagdaýda bize garşylyk berjekdir.

[elementor-template id="115"]

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *