Light
Dark

Muhammet Mammedow’yň ölümi barada detallar orta çykdy

Geçen aýyň 1’nji hepdesinde, geň ýagdaýda öldürlen Muhammet Mammedow’yň ölümi hemmeleriň ünsüni özüne çekipdi…

Geçen aýyň 1’nji hepdesinde, geň ýagdaýda öldürlen Muhammet Mammedow’yň ölümi hemmeleriň ünsüni özüne çekipdi. Şol wakanyň üstüni açmak üçin habarçylarymyz, ýörite gözleg işini geçirdi. Şol gözleg işiň netijesinde elde edilen maglumatlary bolsa bu gün köpçülik bilen paýlaşýarys.

TikToker bolup adamlaryň ünsüni özüne çekmegi başaran Muhammet Mammedow’yň ölümine sebäp bolan ýagdaýyň tire parazlykdygy orta çykdy. Geň galdyran tarapy bolsa, öldüren däl-de, öldürlen tarapyň tire parazçylyk edendigi bu gözleg işiniň tarapyny düýbinden üýtgetdi.

Mammedow’y öldüren şahs 22 ýaşly boksçy Rahman Gaýgysyzow bolup çykdy. Rahman’yň özi Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndan bolup, Aşgabad’a boks ugry boýunça täze mümkinçilikleriň yzyny yzarlap gelipdir. 22 ýaşly Rahman Aşgabad’a gelenden soň Hitrowka raýonyna ýerleşip, şol ýerde ýaşap başlapdyr.

Oktýabr aýynyň 5’de, gije 2-3 aralygynda, içgili ýagdaýda ýanyndaky dostlary bilen bilelikde Hitrowka raýonyna gelen Mammedow “Marruh barmy biziň bilen urşjak” diýilen sözler bilen köçeme-köçe gezipdir. Şol sagatlarda Rahman öýünde ýatýan ekeni. Rahman’yň dostlary ony ukusyndan turuzyp, “Köçämize bir topar oglan geldi, Mary’lylar bilen urşmakçy bolýarmyşlar” diýip, Rahmany daşara çagyrypdyrlar.

Mary’ly oglanlar Mammedow’yň ýanyna gelenden soň, ol Mary’ly oglanlara tire parazçylykly hapa gepler aýdyp başlapdyr. Hapa geplere çydaman ýumrugyny sallan Rahman, ýeke özi 5 oglany ýere seripdir. Ýere serlenleriň içinden diňe Mammedow gaýdyp turmandyr. Hereketsiz ýatan Mammedow’y gören ýanyndaky dostlary ony şol ýerde taşlap gaçypdyrlar. Mammedow’yň hereketsiz bedenini ýene Rahman’yň özi elinde göterip, ýakyndaky hassahana alyp barypdyr. Mammedow’yň ölendigini hassahana işgärleri Rahman’a ýetiripdirler.

Tire parazçylykly düşünjeler Mammedow’yň durmuşuny soňlandyrdy. Mammedow’yň bu diýenli özüni alyp barmagy ýegenlerden Şamyrat Rejepow bilen tanyşandan soň bat alypdyr. Hat-da Rejepow öz sosial media hasabyndan Mammedow’yň ölümine “Jaýyň jennet bolsun” diýip duýgudaşlyk bildirdi.

Şamyrat Rejepow

Mammedow’yň tire parazçylykly hereketleri öňden bäri gelýän eken. Antaliýa’da iş sebäpli onuň bilen bir ýerde gabatlaşan ildeşimiz bize şu zatlary gürrüň berdi:

“Muhammet Mammedow bilen bir iş sebäpli gabatlaşdyk. ‘Güljemal han biziň gelnimiz bolýar, Mary’lylar biziň gelnimiz bolýar’ diýipdi. Şonda gaty geň görüpdim onuň diýen sözlerini.”

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Okamaga dowam ediň...

Komentariýa

  1. Merdan Meredov

    2 years ago

    Çüýrýk, ýykyjy düşünjeli ýaşaýjylaryñ ýurda eýe çykmana haklary ýokdyr.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *