Light
Dark

Olar üçin Kanun ýok bolsa, biziň üçin-de Kanun ýok

Çärjew şaheriniň ýaşlary öz aralarynda geçiren awto ulag ýaryşyny kanun bozmak hökmünde hasap etmeýärler

Awto ulaglary, töwerekdäkilere we öz janyňa howp saljak ýagdaýda sürmek dünýäniň hemme ýerinde kanun we düzgüni bozmak hasaplanýar. Emma, Çärjew şaheriniň ýaşlary öz aralarynda geçiren awto ulag ýaryşyny kanun bozmak hökmünde hasap etmeýärler. Sebäbi soralanda,

“Ýegenler ýaryş geçirýär, diýmek Türkmenistan’da awto ulag ýaryşy geçirmek gadagan diýilen kanun ýok. Biz hem şolardan ugur alyp ýaryş geçirýäris. Ýegenleriň sosial mediada ýaryşlaryny paýlaşyşlary ýaly bizem paýlaşýarys”

–­­­ diýip, düşünjelerini aýtdylar. Birnäçe wagt geçenden soň bolsa,

“Halka gezek gelende kanun bar ekeni”

– diýip, başlaryna gelen wakalary bize ugradan 10 sekuntlyk wideo materialy bilen goldap gürrüň berdiler.

Ýaryş wideosyny sosial mediada paýlaşanlaryndan soň, şäheriň Parahat (polisiýanyň başlygy) we Atahan (uçastkowoýlaryň başlygy) atly işgärleri ellerine kanun baýdagyny alyp, ýegenler ýaly ýaryş geçiren ýaşlaryň yzyna düşüpdirler

Eger, kanunçylykda bir kanun käbir adamlar üçin işläp, başga adamlar üçin işlemeýän bolsa, onda ol kanun ýok diýilip kesgitlenýändir. Mysal üçin, ýegenlere işlemeýän kanun halkyň çagasyna-da işlemeli däldir. Eger diňe halka işleýän bolsa, onda ol kanun däldir, ol zulum etmegiň guralydyr.

Ýaryşy geçiren ýaşlar hem şol düşünjede.

“Olar üçin işlemeýän kanun, biziň üçin hem işlemesin”

diýýärler. Emma, Parahat we Atahan ýokardan gelen buýruk esasynda kanuny diňe halka gezek gelende işledip, gerek bolsa goşmaça töhmetleri hem ýöňkeýärler. Uly awtoban ýolunda geçirlen ýaryşda 2 sany garry aýal ýöräp barýarmyşlar. Şol 2 garry aýaly awtobanyň ortasynda ulaglaryny gaty süren ýaşlar kakjak bolanmyşlar. Çak edilip bilinjegi ýaly, aslynda 2 garry aýaly Atahan töhmet ýöňkemek üçin ýörite getiripdir.

“Ol 2 aýalyň muňa meňzeş işlerde köpden bäri ýer alyp gelýändigi olaryň taýýarlykly gürleýişlerinden belli”

– diýip, gürrüň berdiler. Parahat we Atahan halkyň çagasyny ýokardan gelen buýruk boýunça ýörite urup, ulaglaryny 50 gün eýelerine bermän saklapdyr.

Wakanyň soňunda Türkmenistan’yň 2 bölege aýrylandygyna düşünen ýaşlar, halkyň diňe gorky astynda ýaşamagy üçin sistemanyň gurnalandygyny aýtdylar. Netijede bolsa, Türkmenistan’da işleýän zadyň kanun däl-de, eýsem zulumdygy indi köp adamlara düşnükli bolup başlady.

Açar sözler:

Komentariýalar

  1. Garagum çöli

    2 years ago

    Jemgyýet ikä bölünipdir, elitler we garyplar. Diýmek elitlere kanyn ýöränok

  2. Merdan Meredov

    2 years ago

    Rus köpekleriniñ anarhiýasynda,
    Döwletiñ ýoklygy görünýär.

Komentariýa ýaz

Your email address will not be published. Required fields are marked *