ABŞ-nyň seýsmologiýa merkezi Owganystanyň günbataryndaky Herat welaýatynda 6.2 ball ululykda ýer-titremesiniň bolandygyny habar berdi.

Bu merkeziň maglumatlaryna görä, bu ýer-titremesi şu gün sagat 10:11-de 10 kilometr çuňlukda bolup geçdi.
ABŞ-nyň seýsmologiýa merkezi Heratyň Zindajan we Karh etraplaryny hem öz içine alýandygyny aýtdy. häzirlikçe jan ýitgisi habarlary alynmady, emma käbir öýleriň uly zeper alandygy suratlar bilen tassyklandy.

Şol bir wagtyň özünde, Eýranyň metbugaty Eýranyň Maşat şäherinde ýer-titremesiniň bolandygyny habar berdi. Türkmenistandan hem gelen habarlarda Tagtabazaryň halky ýer-titreme sebäpli köçä çykandygy aýdyldy.












