Jemgyýetden 1941-45’nji uruş ýyllarynda ölen-ýiten harby esgerleriň doly hasaby ymykly ýaşyryldy. Häzirki güne çenli, ölenleriň doly sanawy hiç bir arhiwlerde ýok. Jesedi gelmedikleri “diri ýitirim boldy” ýa-da “faşistler tarapyna geçdi, watan dönügi”-diýlip yglan edildi…
Rus Imperiýasy’nyň uçdantutma häzirki döwre çenli alyp barýan syýasaty: ähli ugurdan özüni dünýäde birinji ýerde görmek, dünýä döwletleriň arasynda hormata mynasyp bolmak, olaryň ünsüni gazanmak, merkezde bolmak, entek Rus patyşalykdan bäri dowam edip gelýär.
Taryha göz aýlasak, Sowet Soýuzy bilen Germaniýa arasyndaky uruşda, 1943’nji ýylda dünýä jemgyýetçiliginden lend-lease, (tehnika, ok-ýarag, ynsanperwer) kömekleri gelmedik bolsa, Sowet Soýuzy ysgyndan gidipdi, ýene birnäçe aýdan doly ýeňilmelidi. Şol wagtky agyr ýitgileri obalara gelýän “öldi” habarlaryň sanynyň köpdügi hem şaýatlyk edýärdi.
Bu ynsanpewerlik kömekler, faktlar şol wagt 1943-44’nji ýyllarda Sowet Soýuzyna kömege gelen ýurtlaryň arhiwlerinde saklanyp galan wideoýazgy, surat, dokumental filmler şaýatlyk edýär. Bu wakalary Russiýa hiç haçanam aç-açan dile getirmedi, arhiwlerden, taryhdan syryp-süpürip ýok etdi. Gelejek ýaşlaryň öňünde özüniň ejezdigini ýaşyrdy, taryhy başgaça ýazyp, sangysyz onýyllyklaryň dowamynda şol ýalanlar içinde terbiýeledi.
Jemgyýetden 1941-45’nji uruş ýyllarynda ölen-ýiten harby esgerleriň doly hasaby ymykly ýaşyryldy. Häzirki güne çenli, ölenleriň doly sanawy hiç bir arhiwlerde ýok. Jesedi gelmedikleri “diri ýitirim boldy” ýa-da “faşistler tarapyna geçdi, watan dönügi”-diýlip yglan edildi.
Russiýa Ukraina çozmazyndan öň “Rus Goşuny tehnika, ok-ýarag boýunça dünýäde 2’nji ýerde durýar” diýip, narsisstik syýasat ýöredýärdi, emma urşuň ikitaraplaýyn taktiki, strategiki netijelerine baha berlende, asla beýle däldigi orta çykýar. Bir wagtdan bäri halkyň aňyna siňdirilen ýalan taryhyň üstüne atanak çekmegiň we halka hakyky faktlary hödürlemegiň wagty geldi.
Ikinji Jahan Urşunda Sowet Soýuzyna edilen kömekler (lend-lease programmasy):
– 22.150 uçar (Ikinji jahan urşunyň iň gowy söweşijilerinden biri bolan 5000 P-39 Airacobras-ny goşmak bilen. Umuman alanyňda, 9,5 müň öndürildi, bu bolsa ýarysyndan gowragynyň SSSR-e iberilendigini aňladýar)
– 12,700 tank
– 1800 özi ýöreýän ýarag (1944-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli)
– 7 944 (beýleki çeşmelere görä, 8,218) uçara garşy ýarag
– 4912 tank garşy ýarag
– 135,000 pulemýot
– 12,997 pistolet
– 3300 sowutly ulag
– 5500 artilleriýa traktory
– 8071 traktor
– 375,833 ýük awtoulagy (1945-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Gyzyl Goşunyň motor howzunyň 32,8%-i Land-lease ulaglary)
– 3,606,000 teker (Sowet önümçiliginiň 43,1%)
– 51,000 jip
– 8000 traktor
– 32,200 motosikl (Sowet önümçiliginden 1,2 esse köp)
– 472,000,000 tapgyr
– 281 harby gämi
– 128 ulag gämisi
– 3 buz döwüjisi
– 35,800 radio
– 9,351 söweş radiosy
– 2 000 000 kilometr telefon kabeli
– 2,500,000 telefon
– 200 telefon stansiýasy
– 445 (beýleki çeşmelere görä, 348) radar
– 1,981 teplowoz (Sowet önümçiliginden 2,4 esse köp)
– 66 dizel-elektrik lokomotiw (Sowet önümçiliginden 11 esse köp)
– 11.075 demirýol (Sowet önümçiliginden 10 esse köp)
– 622,100 tonna rels (Sowet önümçiliginiň 56,5%)
– 2,100,000 tonna nebit önümleri
– 628,400 tonna awiasiýa benzini
– 732,300 tonna ýeňil benzin
– 1,200,000 tonna himiki maddalar we partlaýjy maddalar
– 127,000 tonna poroşok
– 903,000 detonator
– 387,600 tonna mis (Sowet önümçiliginiň 82,5%)
– 328,100 tonna alýumin (Sowet önümçiliginden 1,25 esse köp)
– 2,800,000 tonna polat
– 38,100 maşyn gurallary
– 15,417,000 jübüt aýakgap
– 1,541,590 ýorgan
– 4,5 million tonna azyk (4,3 ýyl üçin 10 million güýçli harby goşun üçin ýeterlik)
Komentariýa
Merdan Meredov
Düýa bilgisinden uzak tutulan sovet adamy hakyky taryhy bilmegi orrän çetin.