8 çagasy bilen uçran adalatsyzlygyny köpçülige ýetirenden soň, Gülşat Hamraýewa’a dürli ýerlerden jaň edip…
8 çagasy bilen uçran adalatsyzlygyny köpçülige ýetirenden soň, Gülşat Hamraýewa’a dürli ýerlerden jaň edip binjalyk etjek boldular. Gelen jaňlaryň arasynda, Hamraýewa’nyň gyssagly ýagdaýda gelip-gitmegi tabşyryk berilýärdi.
Şol gelen jaňlaryň birinde Ogulnur Kurbanowa atly bir kişi gije 12’de Gülşat sebäpli çagyrlandygyny aýdýar. Gije 2’ä çenli şol çagyrlan ýerinde Hamraýewa’nyň üç arkasyny gözläpdirler. Kurbanowa’nyň sözlerine ynanylmaly bolsa, halky gorkuzýan MHM terror gurluşy olary gijäniň ýarysynda üç arka gözletmek üçin çagyrdypdyr. Bu waka Noýabr aýynyň 2’sini 3’ne baglaýan gijede bolup geçipdir. Emma, Gülşad’y bu wakadan birnäçe gün soň jaň edip, idäp başlapdyrlar.
Iň soňunda bolsa, sözde Häkimlik edarasy Hamraýewa’ny çagyryp,
“Öý sende galýar. Eger has gowy öý tapsak seni ol gowy öýe göçüreris”
– diýipdirler. Muňa goşmaça, öňki gysylyp çykarylan iş ýerinden hem jaň edilip,
“Gelip öňki işiňe dowam edip bilersiň”
– diýipdirler. Birnäçe aýlardan bäri dowam edip gelýän Hamraýewa’nyň dartgynly durmuşy edermençilikli hereketi sebäpli iň soňunda parahatçylyga gowuşdy.
Munça bolan zatlary bir torba goýup pikir edilende, 8 çagaly bir zenana bu kynçylyklar näme sebäpden döredildi we munuň hasaby soraljak dälmi — diýilen soraglar öz-özünden ýüze çykýar. Emma garşy tarapdaky terror gurluşlarda hem, Gülşat Hamraýewa’a kim kömek etdi, nädip daşary ýurt bilen arabaglanşyk gurdy — diýilen soraglar ýüzleşýärler.
Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.