“Siziň ýurduňyz size eýe çykanok. Siziň Ilçihanaňyz telefonlaryny açanok”
Türkiýe hökümeti soňky günlerde gaçgak migrantlary köpçilikleýin tutup, olary yzyna öz ýurtlaryna deport etme çärelerini barha-da güýçlendirdi. Gaçgak migrantlara garşy göreşiň güýçli depginde alnyp barylýandygyny ýurduň habar kanallary hem ýygy-ýygydan ýatladyp durýar.
Öňler ýurduň diňe uly şäherlerinde gaçgaklara garşy göreş alnyp barylýan bolsa, soňky 3 aýyň içinde ýurduň beýleki sebitlerine hem deport çäreleriniň baryp ýetendigi barada Türkiýe’de ýaşaýan watandaşlarymyzdan yzygiderli habarlar gelmäge dowam edýär.
Wagtlaýyn ýaşama rugsatnamasy bolman tutulyp, Yzyna Ugratma Merkezleri’ne äkidilýänleriň arasynda biziň ýurtdaşlarymyz san boýunça birinji hatary eýeleýärler. Muňa, Türkiýe’däki habar kanallary Türkmenistan, Russiýa we Yrak ýurtdaşlarynyň tersine, ýagny öz ýurtlaryna yzyna göç edip başlandyklaryny aýdýan habary mysal bolup durýar. Muny, Nigde’däki Yzyna Ugratma Merkezi’nden çykan Umytjan Kuzubaýew hem şaýat bolan wakalaryna salgylanyp tassyklaýar.
Türkiýe’den deport edilýänleriň arasynda iň wagşy ýagdaýda ýurtlaryna deport edilýänler gynansakda Türkmenistan’yň halky bolup durýar. Muňa sebäp bolýan esasy ýagdaý bolsa, Türkmenleriň deport bolmagyny guramalaşdyrjak jogapkärleriň düýbinden ýok bolmagy. Bu barada Yzyna Ugratma Merkezlerinde biziň ýurtdaşlarymyza aýdylýan iň ýaýbaň söz subutnama bolup durýar.
Siziň ýurduňyz size eýe çykanok. Siziň Ilçihanaňyz telefonlaryny açanok.
Bu kynçylyklara garamazdan, her hepde ýurda müň töweregi Türkmen deport bolup, Türkmenistan’a ugradylýar.
Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.