Light
Dark

Daşary ýurtdan iberen pullaryny ýok eden aýalyny, biwepalykda tutdy

Köp ýyllardan bäri, maşgalalaryndan juda düşüp, ýurt daşynda işläp ýören Türkmenleriň ep-esli böleginiň esasy gaýgyly meselesi…

Köp ýyllardan bäri, maşgalalaryndan juda düşüp, ýurt daşynda işläp ýören Türkmenleriň ep-esli böleginiň esasy gaýgyly meselesi, olaryň yzynda goýup gaýdan ýoldaşlarynyň wepalylygynyň dowam edip-etmeýänligi bolup durýar. Aýal ýa-da erkek bolsun, hiç hili tapawutlylyk görkezmän ýurt daşyndaky ýoldaşlaryna biwepalyk edýänleriň sany soňky ýyllarda göz bilen görüler derjä gelip ýetdi. Şol biwepalyk dertlerinden biri hem, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy Akyja Akyjaýew’yň başyna geldi.

Akyja Akyjaýew
Akyja Akyjaýew

Akyja başyndan geçen wakany bize şeýle gürrüň berdi:
2018-nji ýylyň Dekabr aýynda, 1991’nji ýylda Daşoguz şäherinde dogulan Annasoltan Berdiýewa bilen öýlenip, bir ýyldan soň maşgalasyny goýup Türkiyä işlemäge gaýtmaly bolupdyr. Türkiye’de işläp başlan ilkinji ýyllarynda hemme zat bolmalsy ýaly eken. Gazanýan pulyndan özüne ýetjegini alyp galyp, uly bölegini aýaly Annasoltana iberip gelipdir.

Annasoltan Berdiýewa

Soňra, aradan köp wagt geçenden soň, aýaly bilen maslahatlaşan Akyja, Türkiýeden çykyp Polşa’a işe gitmek kararyny alypdyr. Polşa’a gitmek üçin üç aýlap pullaryny üýşüren Akyja, Türkiýe’den Azerbaýjan’a gelipdir. Azerbaýjan’a gelen günlerinden başlap, aýalynyň özüni alyp baryşy düýbinden üýgäpdir. Sähelçe zadyň üstünde urşar ýagdaýa gelipdir.

Aýalynyň hereketlerinden howatyrlanyp, Türkmenistanda ýaşaýan dostuny kömegi arkaly Annasoltan’yň telefonyna öz Google hasabyny goşduryp, aýalynyň telefonundan bolýan zatlary ýakyndan yzarlap başlapdyr. Aýalynyň telefonyndaky maglumatlary gözden geçiren Akyja, görlüp oturulsa, Türkiýe’de işlän döwürlerinde özüne başka bir ýoldaş tapynyp, onuň ugradan pullaryny täze ýoldaşy bilen iýip gelýän eken. Soňa baka Annasoltanyň başga erkek dostlary köplelip ugrapdyr.

Bolýan zatlary subut etmek üçin, onuň başka erkeler bilen düşen suratlaryny alyp, özüne görkezen Akyja aýalyndan şu jogaby aldy, “Bu suratdakylar men däl, sen meniň suratlarymy montaž edipsiň” diýip, Akyja’ny ýalançy çykarmaga synanşypdyr. Mundan başka-da, Annasoltan birnäçe polisiýa işgäri bilen ýaramaz gatnaşyklar edýändigi ýüze çykdy. Şol polisiýa işgärlerinden birnäçesi şu şahslardan ybarat:

- Amanmyrat Myrryýew Atamyradowiç
- Garypulla Hojahmedow Haýtbaýewiç
- Guwanç Mollaýew Seýitjanowiç
- Wepa Kazakow Amanmammedowiç
- Nurnepes Jumaniýazow Gurbanowiç

 

 

Sözüniň dowamynda Akyja Akyjaýew,

“Başyma gelen bu ýagdaýlary şikaýat etmek kararyna geldim. Şikaýat etmek üçin, Türkmenistanyň Ýokary Kazyýeti hem-de Türkmenistanyň Prokuraturasynyň elektron hasaplaryna şikaýatlarymy ýazdym. Iň gynandyryjy ýeri bolsa, bu gulluklaryň öz şahsy internet sahypalaryndaky elektron poçtalarynyň hiç birisi işlemeýär ekeni, hat-da ýazan hatlarym hem gitmedi”

– diýip, başyna düşen maşgala ýagdaýlaryny habar kanalymyzda paýlaşmagymyzy isläp, öz şikaýatyny bu ýerden ýetirdi.

Islendik mesele köpçülige çykarylandan soň çözülmäge başlanýandyr.

Bolup geçýän wakalary bize Telegram arkaly ýetirip bilersiňiz ýa-da täzeliklerden dessine habardar bolmak üçin Telegram kanalymyza ýazylyp bilersiňiz

Logo_1080x1080

HSM Habar Youtube'da

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary ähli detallary bilen paýlaşýan HSM Habar Youtube platformasynda-da özboluşly wideolary paýlaşýar. Kanalymyza ýazylyp, soňky çykan habarlardan siz ilkinji bolup habarly boluň.

Okamaga dowam ediň...

Komentariýa

  1. Merdan Meredov

    2 years ago

    Pikir başga ýerden bolup biler,
    ýerine ýetirýän ýerli dönükler.

Jogap ýaz Cancel reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *