Light
Dark

Gurbansoltan Niýazowanyň 1944-njy Ýylda Sud Edilmegi

Bu resminama Türkmen köpçüliginden ençeme ýyllardan bäri gizlenip gelinýärdi. Gurbansoltan Niýazowanyň hakyky durmuşyndan bölekleri öz…

Bu resminama Türkmen köpçüliginden ençeme ýyllardan bäri gizlenip gelinýärdi. Gurbansoltan Niýazowanyň hakyky durmuşyndan bölekleri öz içinde saklaýan bu resminamada Türkmenistanyň ykbalyny kesgitlejek aýylganç bir soňuň hem başlangyjyny şol döwürlerde düýbi tutulandygyny aýtmak kyn däl. Biziň jemgyýetimizde bir adamyň dogry ýa-da ýalňyşlygyna onuň maşgala geçmişinden ugur alnyp baha berilýär, bu baha berliş köp halatlarda salyhatly netijeleri berýär. Emma bu gezek ýalňyş maşgaladan çykan ýalňyş adam bilen Türkmenistanyň gurulmanka ýok bolmagyna sebäp bolşuna şaýatlyk etdi.

30.01.44 ý. TSSR-ň Aşgabat oblastynyň Stalin raýon Halk Sudy | Iş No: 85/3

Graždanka Niýazowa Gurbansoltany administratiw jogapkärçilige çekmek.

Ýyl 1944
75 ýyl saklanmaly

Türkmenistan SSR-iň Halk Komissariat Ýustisiýasyna.

Sprawka

Şeýlelikde, Aşgabat oblastynyň, Stalin raýonunyň Halk sudy, Gypjak obasynyň ýaşaýjysy, Niýazowa Gurbansoltany administratiw jogapkärçilige çekmeklik baradaky çykaran kararynyň göçürmesini, köne hasabat üçin we (НКВД) Içeri Işler Halk Komissariatynyň etrap bölümine durmuşa geçirmeklik maksady bilen ýollaýar.
Rezolýusiýanyň 3 sahypadan ybarat göçürmesi.
Stalin raýonunyň Halk sudiýasy: Allahanow Ç.O.

Düzgünnama

TSSR-ň Aşgabat oblastynyň Stalin raýon Halk Sudy tarapyndan administratiw jerime salmak baradaky karary
25 Ýanwar 1944ý Stalin raýon Halk sudunyň agzalary:
Halk Sudýasy: Allahanow Ç.O.
Halk oturdaşlary: Öwezdurdyýew M. Kerimowa A.
Stalin raýon Halk sudy, (NKWD) Içeri Işler Halk Komissariatynyň Stalin raýony we Gypjak Oba Soweti tarapyndan hödürlenen materiallar esasynda, özüni amoral, ahlaksyz durmuş alyp barýandygy sebäpli, milleti kürt, TSSR-ň Aşgabat oblastynyň, Stalin raýonynyň, Gypjak obasynda, 1913ý doglan, partiýada durmadyk, 4 klass bilimli, hiç ýerde işlemeýän, göreldesiz durmuş alyp barýan, 3 sany kiçi ýaşly çagaly,

Gurbansoltan Niýazowa garşy karar kabul etdi:

Materiallardan belli bolşy ýaly, Gypjak Oba Sowetiniň ýaşaýjysy Gurbansoltan Niýazowa, (ýan ýoldaşy, Atamyrat Niýazow, biziň Beýik Sowet Watanymyzyň dönügi, faşistlere garşy şol agyr Demirgazyk Kawkazda bolan söweşde, bir otrýad haramzadalar bolup, meýletin, garşylykly söweşsiz nemets-faşistlere ýesir düşdüler) ol kanuny düzgünlere uýgun bolman, sowet grajdanlarynyň rahatlygyny yzygiderli bozup, biziň Sosialistik umumy ýaşaýyş prinsiplerimize gabat gelmeýän hereket edip, Kommunistik ahlaklary bozany üçin, amoral, hojalykda ahlaksyz özüni alyp barany üçin, köpçülikde, päkniýetli grajdanlaryň ýaşaýan ýerinde, öýünde, her dürli şahsyýeti belli bolmadyk erkek kişileri, bikärleri, bihepbeleri, spekulýantlary, ogrulary, ýaltalary üýşürip, spirtli içgileri içmekligiň netijesinde uruş, goh-galmagal turuzyp, umuma degişli kanunlary bozýar.
Şeýlelikde, “Sosializm” kolhozynyň ýaşaýjysy, Berdiýewa Amansoltan halk suduna indikileri beýan etdi: “Graždanka, Gurbansoltan Niýazowa, meniň bilen goňşy bolup ýaşaýar, onuň öýünde Bagyrda, Aşgabatda ýaşaýan keseki adamlaryň peýda bolýandygyna ýygy-ýygydan şaýat bolýandygyny habar berdi. Gurbansoltan Niýazowanyň howlusynda häli-şindi gazanda çorba ýa palaw bişýändigini, özem bu ýaramazçylyklar sowet halkymyzyň dogruçyl, sada we örän kyn ýaşaýan döwründe dowam edýär. G. Niýazowa, hiç ýerde işlemeýändigine garamazdan elmydama pully. Biziň ýurdumyz üçin agyr döwürde, girdejisi bolmasa-da, ol hemişe gymmatbaha egin-eşikleri geýýär. Hat-da, öz kolhozynda halal aýlyga zähmet çekesi hem gelmeýär. Onuň öýünde köpçülikleýin meýlisler gurnalýar, soňra öýünden gulak eşitmejek paýyş sözler çykmaga başlaýar, soňy bolsa köplenç dawa-jenjele, urşa ýazýar. Men onuň 3 sany kiçi ýaşly çagasyny, ejesiniň eden-etdiliklerini görmezlikleri üçin öz öýüme alyp gidýärin.

Şeýle-de, G. Niýazowa aýallaryň baş gyňaçlaryny, gök çaý, çilim ýaly harytlary alyp-satýar. Meniň pikirimçe, sowet adamsy öz halal zähmetine ýaşamaly. Şu günki gün, her bir sowet adamsy öz halal zähmeti bilen faşist basybalyjylaryna garşy göreşmäge, olary çym-pytrak etmäge Gyzyl Goşuna elinden gelen kömegini edýär”.

Stalin raýonynyň, Gypjak Oba Sowetine degişli Içeri Işler Halk Komissariatynyň ygtyýarlysy (Уполномоченный НКВД) Hommadow Allanazaryň Halk Suduna görkezmesinden: “Graždanka G. Niýazowa, köpçülige garşy, biedep, amoral özüni alyp barýandygy barada oňa hat üsti bilen birnäçe sapar duýduryş berildi. Özüni göreldeli alyp barmagy, işe durmagy, onuň betgylyklaryny daş-töweregiň görmezligi, kommunistik jemgyýetde, sowet halkynyň dünýägaraýşyna öwezini dolup bolmajak zyýanlary ýetirmezligi, çagalaryna dogry terbiýe bermegi barada düşündiriş işleri geçirildi. Ýöne, grajdanka G. Niýazowa, bu çärelerden sapak alman, şol köne amoral gylygyny dowam etdirmek bilen, sowet jemgyýetine zyýanly element bolup galýar”.
Şeýle-de, Halk Suduna, “Sosializm” kolhozynyň partiýa ýaçeýkasyndan material gelip gowuşdy. Bu materiallarda Gurbansoltan Niýazowanyň halk arasynda “şerçi” we “gybatçy” ady bilen belli, umumy kada-kanuna gabat gelmeýän bozgaklyklar bilen zähmetsöýer, päkniýetli kolhozçylaryň adyny zaýalaýandygy beýan edilýär.
Sowet Watanymyzyň kyn we agyr döwründe, haçanda sowet halky, faşizmi ýeňmek üçin elinden gelenini gaýgyrman zähmet çekýärkä, tylda, Gurbansoltan Niýazowa ýaly hiç ýerde işläsi gemeýän, arassa zähmet çekip biziň Beýik Sowet Watanymyza ägirt goşant goşasy gelmeýän, jemgyýete zyýan beriji elementler peýda bolýar.
“Sosializm” kolhozynyň partiýa ýaçeýkasy Halk sudundan G. Niýazowa jenaýat işi gozgamazdan mejbury ýagdaýda zähmete çekmek bilen, dogry ýola gönükdirmegi talap edýär.
Materiallary gözden geçirip, Stalin raýon Halk sudy karar kabul etdi:
Ýeterli ynandyryjy subutnamalaryň ýygnanandygy sebäpli, grajdanka G. Niýazowany administratiw jogapkärçilige çekmeklige doly esas bar.
TSSR-ň Ýokary Sowet Prezidiumynyň 28 Awgust, 1941ý. kabul eden “Adatdan daşary ýagdaý”, 7 maddasyna esaslanyp,

Stalin raýon Halk sudy çözgüt çykardy:

1. Stalin raýonynyň Gypjak Oba Sowetiniň ýaşaýjysy G. Niýazowany biziň Sowet Sosialistik Watanymyzyň bähbidine, “Sosializm” kolhozynyň meýdanyna 30 gün möhletli, mejbury zähmet-düzediş işlerine ugratmak bilen jerime salyndy.

2. Eger G. Niýazowa 3 günüň dowamynda işe durmasa, ony sosial zyýanly element hökmünde görülip, jenaýat işi gozgaljakdygy barada duýduryş berilmeli.

Çykarylan çözgüt gutarnykly we şikaýat gaýtadan kabul edilmeýär.

Stalin raýon Halk Sudy: Allahanow Ç.O.
Halk oturdaşlary: Öwezdurdyýew M. Kerimowa A.

Açar sözler:

Komentariýalar

  1. Garagum çöli

    2 years ago

    Bize bolsa bu maşgalany melek edip görkezdiler, köçelere, binalara, aýlara adyny dakdylar, heýkel dikdiler 🥺

  2. Aşgabat

    2 years ago

    Türkmenistanyň gahryman ejesi edip tanatdylar wagtynda. Gahrymanlygynyň nämedigini indi bilip galdyk.

  3. Merdan Meredov

    2 years ago

    Türkmenistanda, “döwlet” işine durmak isleseñ dokumentleriñ Aşabada gidýär.
    3 arka ýakynlaryñ maglumatlaryny isleýişleri belli boldy.Arhivde gözden geçirip rejime ýararlygyñy keskitlenýän bolmaly.Ata-babañda milli duýgy ýagny guýma-gursak ahlakly bolsañ “häkimiýete” sen howply.

  4. Merdan Meredov

    2 years ago

    Aldar kösäni(Niýazovy) näme sebäpden Ýurt başyna getirileni belli-: Türkmen halkynyñ ýaşaýşy(kulturasy) şu atasy näbelli-jelebiñ çagasynyñ ýaşaýşy ýaly bolmaly ekeni.
    Ýagny oñurgasyz, islän tarapyña tartyp-silkäp aýdanyñy ettirip boljak.

Jogap ýaz Cancel reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *