Light
Dark

New York-Stambul Gidiş-gelişi $1300, Aşgabat-Stambul Bir Tarapy $1697

Pandemiýadan öň Türkiýe umumyna günlük 5 howa gatnawy bolýan bolsa, bu günki gün ol san günlik 1.5-a (bir ýarym) düşdi. Başga sözler bilen aýdylanda, uçuşlar öňkä gorä 3 esseden-de has az amala aşyrylýar.

Stambul bilen New Ýorkyň uçuş aralygy ortaça 10 sagat. Bu ýoly gidip-gelmek ortaça 20 sagat wagt alýar. Bu 20 sagatlyk ýola tölejegiňiz pul bolsa, Türk Howa Ýollarynda, ortaça $1300. Indi şu metod boýunça Aşgabat bilen Stambul aralygyny ele alalyň. Bu iki şäheriň uçuş aralygy ortaça 4 sagat, gidip-gelmek üçin bolsa ortaça 8 sagatlyk wagt talap edýär. Bu 8 sagatlyk uçuşyň bahasy ortaça $2500-e barabar bolýar. Stambul-Aşgabat arasy $800-iň üsti, Aşgabat-Stambul arasy bolsa $1697. Dünýäniň iň garyp halklaryndan biriniň ýaşaýan ýurdy Türkmenistanda bu puly gazanmak üçin, adamlar 2 ýyl aralyksyz işlän pullaryny iýmän-içmän birikdirenlerinde elde edip bilýärler.

Ýagdaý Türkmen Howa Ýollarynda-da ýaňka meňzeşräk. Biletiň resmi bahasy $420 bolmagyna garamazdan, biletler $1000 bahadan bazar nyrhynda el astyndan satylýar. Her näçe Watan Habarlary propaganda ekranlarynda bilet satýan gyzy “jezalandyryp” halky köşeşdirseler-de, bazar nyrhy biletiň bahsyny kesgitlemäge dowam edýär. Bazar nyrhy arz-talap gatnaşyklarynda döreýänligi üçin, talap edýänleriň (alyjylaryň) köp bolmagy halatynda bahalar gymmatlaýar. Bu diýmek bolýar, Türkmenistandan daşyna çykmak isleýänleriň sany şu aýlarda has-da möwçli derejede.

Bahalary düşürmek üçin saglykly bir döwlet arzy (üpjünçiligi) köpeldýändir, halkyň ýokary bahalar astynda ezilmezligi üçin. Emma, bizde saglyklylyk meselesinden söz etmek kyn bolandygy üçin, gaýtam şertler emeli ýagdaýda kynlaşdyrylýar. Bilet arzyny (üpjünçiligini) azaldyp, halkyň elinden entäk birikmedik, gazanmadyk pullaryny-da elinden almak üçin bahalary ýokarladýarlar. Pandemiýadan öň Türkiýe umumyna günlük 5 howa gatnawy bolýan bolsa, bu günki gün ol san günlik 1.5-a (bir ýarym) düşdi. Başga sözler bilen aýdylanda, uçuşlar öňkä gorä 3 esseden-de has az amala aşyrylýar.

Bu ýagdaýyň peýda bolmagyna sebäp bolan iň uly faktor ýurtda “Döwlet” diýilen guramanyň ýoklugy bolup durýar. Halkyň sowatsyzlygy bolsa, döwletiň ýoklugynyň dowam etmegine sebäp bolýar. Bu ýagdaý 3 ýyl mundan öňki ýagdaýa meňzemese-de, belli-başly ölçeglerde şu güne çenli zeperini ýetirip gelýär. Ýöne, bu zeper, gözümiz bilen görüşimiz ýaly Türkmenistanyň jemgyýet dinamikleriniň tizleşmegi bilen ýurtda döwleti emele getirmek üçin gurluş taýdan bolan üýtgeşmelere goşmaça itergi berýär. Zeper näçe uly bolsa, üýtgeşme-de şonça çalt bolýar. Sebäbi, $1697-lik baha bilen Türkiýä gelenleriň gazanjak pullary $400 we çykdajylary hem şoňa barabar. Şol bir wagtda, deport edilme ýagdaýy hem diňe wagt meselesi. Durmuşuň bu kynçylyklary “Zeper”-den başga zat däldir. Türkmenistanda zeper diňe mundan ybarat hem däldir.

Açar sözler:

Komentariýa

  1. Milletçi men

    2 years ago

    Tr ýabanjy birisine gymmat bahadan satýarlar köp ýerlerinde , diýmek bizem öz ýurdumuz diýipduran Ýurdumuz bize degişli däl eken onça baha bilet satyn alýan bolsak 🤬

Jogap ýaz Cancel reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *