Light
Dark

Türkmenistanda, Western Union Arkaly Nädip Pul Ugradylýar

Mary şäheriniň Mollanepes köçesinde ýerleşýän “Türkmen-Türk Paýdarlar Täjirçilik Bankyna” Western Union arkaly daşary ýurtda okaýan jigisine pul geçirtmek üçin banka baran bir ildeşimiz öz başyndan geçenleri bize habar berdi.
2 sagatdan köp aýakda nobatda durandan soň kassa baryp ýetipdir. Kassadaky zenana,

“Näme üçin ýekeje Western Union bar? Näme üçin Western Uniony ulanmak üçin hökman banka gelmeli? Daşary ýurtlarda Western Unionyň filiýalyny islendik adam açyp işledip bilýär. Näme üçin Türkmenistanda şol zatlar mümkin däl?”

– diýip soraglar beripdir. Kassada oturan bolsa, “Bu ýeri daşary ýurt däl, bu ýeri Türkmenistan. Gürleýän sözleriňe üns ber, bolmasa häzir gapyda duran polisiýany (sakçyny) çagyraryn”- diýip gaýtargy beripdir.
“Çagyr!” – diýip kassada oturana ildeşimiz hem öz gezeginde gaýtargy beripdir. Şeýlelik bilen bankyň sakçysy gelip, ony aýratyn bir otaga çekipdir. Sakçy oňa ol ýerde ahlak sapaklaryny bermäge başlapdyr, “Köpçüligiň içinde özüňi nähili alyp barýarsyň? Onsoňam zenan bilen olar ýaly gödek gürleşilenok. Seniň näme şikaýatyň bar? Hemme adam sesini çykarman dur sen näme özüňi görkezjek bolup, kassanyň öňünde goh çykarýarsyň?” – diýen mazmunda sakçy bilen dialogy bolupdyr.

Ildeşimiz kassada oturan zenana beren soragny sakçy bolup oturana boluşy ýaly gaýtalap aýdypdyr. Sakçy gysga wagt säginenden soň, “Ol şikaýatlary biz diňlämizok, sen ony degişli ýere aýt” – diýip, kesgitli bir zat diýip bilmändir.

Soň ýene-de kassa dolanyp gelen ildeşimiz, 1-nji kassa dogry ugrukdyrlypdyr. Ol ýerde ondan 25 manat pul tölemeginiň gerekdigini aýdypdyrlar. Bu 25 manat Western Unionyň töleginiň daşyndaky töleg bolup çykypdyr.

“Siz halky talamakdan başga zat bileňizok, men näme sebäpden size 25 manat tölemelimişim?

– diýip 2-nji gezek goh çykarmaly bolupdyr. Kassada oturan bolsa,

“özüňi görkezme bize, şikaýatyň bar bolsa prokurora git”

– diýipdir.

Uruşly-dawaly günüň soňunda, 200$ Amerikan dollaryny Western Uniondan Türkiýede okaýan jigisine geçirmek üçin töläpdir. Emma bu ýerde hem bir hile ýüze çykypdyr. 200$-dan 19$ kesilip galmaly bolan mukdardan 35$ kesipdirler. Türkiýedäki jigisi 165$ eline alyp bilipdir. 25 manat we 35$ çykdajy eden ildeşimiz 165$-y kynlyk bilen ýurt daşyna ugradyp bilipdir.

Özi hem ýakyn wagtlarda Türkmenistana dolanyp baranlygy sebäpli ýurtda bolýan zatlaryň akyl daşydygyny dile getirdi.

“Hiç bir edara para-peşgeş alman iş edenok. Eliňdäki pullary almak üçin her kyýama bolup bilýärler. Arz-şikaýat edip biljek ýeriň dagy ýok”

– diýip Türkmenistanyň ýagdaýyny biziň bilen paýlaşdy.

[elementor-template id="115"]

Komentariýalar

  1. Kenan

    2 years ago

    Siz gonumel shikayatynyzy Turkmenistanyn prezidentine yazyp bilersiniz we elinizdaki fakturan suratyny alyp western union firmasyna hat bilen cyksanyz olar hokman meselani jikme jik edip cozer…

    • Garagum çöli

      2 years ago

      Western Union aýratyn garaşsyz bir gurama, oňa prezidentleriň dahylly zady ýok

    • Aşgabat

      2 years ago

      Türkmenistanda prezident barmy?

  2. Nuryagdy

    2 years ago

    Içinde otyranlar islendik müşderi tarapyndan berilen soraga jogap berip biljek bolsa oturmaly oltaýda, aýlyk alyp! Olar öz borçlaryny asla bilenoklar, we islendik ýüzüñ düşüp baran ýeriñdede şeýle jogap eşitmeli. BANKLAR we Internet , aragatnaşyk hyzmatyny beryän edaralar birinjilerin hatarynda hususyýetçilige berilmeli, şonda konkurensiýa köpelip halka gowy hyzmat berýär bular.

  3. GökTürk

    2 years ago

    Bu reźimdeki bar işleýän adamlary işinden çykarmasak bolanok ildeşler gelan adamdan para alyp sesiñi cykarsañ şeýderis diýen samsyk arly bolup ar alyşlary bu reźime hyzmat edip duranlarynam bilenoklar bilselerde gazanç üçin edýän işler işu

Jogap ýaz Cancel reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *